Aşgabatda serhet dolandyryşynda strategiki töwekgelçilik meseleleri maslahatlaşyldy

10:4719.11.2022
0
22395

Düýn Aşgabatda serhet dolandyryşynda strategiki töwekgelçilik derňewi boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, okuw maslahaty Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan guraldy.

Okuw maslahatyna serhet dolandyryş boýunça işleýän hukuk goraýjy edaralaryň we Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň gatnaşyjylary Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) ulanylýan umumy toplumlaýyn töwekgelçilik derňew modeliniň (CIRAM) ýörelgeleri we usulyýeti, şeýle-de maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin yzygiderli çemeleşme bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Okuw maslahatyň dowamynda döwlet serhedini dolandyrmak bilen baglanyşykly ähli bölümlerde strategiki töwekgelçilik derňewi pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we ÝB-iň öňdebaryjy tejribesiniň deňeşdirme seljermesi geçirildi we strategiki töwekgelçilik derňewiniň bilelikdäki ulgamyny ornaşdyrmak üçin teklipler işlenip düzüldi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, strategiki töwekgelçilik derňewiniň strategiki we syýasy derejede karar berýänler üçin esasy elementdigini bellemek gerek. Şeýlelik bilen, bilelikdäki maslahat berilýän çäreler, serhedi toplumlaýyn dolandyrmagyň ýörelgelerine laýyklykda, netijeli serhet dolandyryşyny üpjün etmek üçin türkmen edaralaryň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň