Top.Mail.Ru

Arhiw

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik simulýatorlarynyň peýdaly we zyýanly taraplaryny düşündirýär

09:5017.11.2022
0
22172

Awtoulagyň sürüjilik simulýatorlary sürüjiligiň başarnyklaryny ele almaga ýardam edýär. Şunuň ýaly trenažýory oýlap tapmak bilen ony döredijiler birnäçe maksady öňde goýupdyrlar:

1) Programma sürüjiligi öwrenmegi ýeňilleşdirmeli;
2) Sürüjiniň özüni alyp barşyny, onuň başarnyklaryny we ýola üns berşini bahalandyrmagyň zerurlygy;
3) täze ulaglaryň we olaryň enjamlarynyň mümkinçilikleri barada düşünje almak.

Wirtual sapaklar durmuşda nähili ähmiýete eýe bolup biler? sürüjilik simulýatorlarynyň peýdaly we zyýanly taraplary nämede jemlenýär?

«Trenažýorda türgenleşmek — bu ilkinji nobatda özüňi ulagy dolandyrmak we ýol hereketiniň düzgünlerine eýermek ýaly uly jogapkärçiligi üstüne alýan hakyky sürüji hökmünde duýmakdyr» – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşiginiň hünärmeni belleýär. Bu babatda adam şäher şertlerine düşmek bilen, ýolyşyklary, ýol belgilerini, şeýle-de köçeleri görýär we özünde ilkinji sürüjilik başarnyklaryny kämilleşdirip ugraýar.

Sürüjilik simulýatorlarynyň peýdaly taraplaryna seredip geçeliň:

  • sürüji pyýadalar we beýleki sürüjiler bilen ýol şertinde nähili gatnaşykda bolmagy öwrenýär;
  • awtoulaglaryň tiz akymynda bolmagyň netijesinde ýoldan gorkmazlygy öwrenmek;
  • nazaryýet bilimlerini iş ýüzünde berkitmek;
  • özüňize we beýleki ýoldan peýdalanýanlara töwekgelçilik etmezden rugsat edilýän tizligiň çägine eýermek;
  • ulagy goýmak, howply çatryklary geçmek we aýnalaryň kömegi bilen öwrülmek;
  • başarnygyňy dürli awtoulaglar arkaly barlamak: ýeňil awtoulaglarda, ýük awtoulaglarynda, kiçi awtobuslarda başarnygyňy synap görmek we olary dolandyrmagyň tapawudyny duýmak mümkinçiligi.

Trenažýorlary ulanmagyň ters gelýän taraplary:

  • howpsuzlygyň ýalandygyny duýmak, sebäbi wirtual ýolda nähili ýagdaý ýüze çykanda-da birnäçe sekuntda birje düwme arkaly düzetmek bolýar;
  • 360o öwrülmek arkaly görüp bolýan doly derejedäki hakykata laýyklyk ýok, çylşyrymly ýerleri görmek üçin yzyňa seredip bolmaýar;
  • simulýatorda çukurlar, oý ýerler, buzly ýer ýaly funksiýalar göz öňünde tutulmaýar — dolandyryjyda olaryň ulagy dolandyrmaga täsir edýändigini duýmazlyk endigi döräp biler;
  • sürüjilik simulýatorlary — bu öz başarnygyňy, ussatlygyňy görkezip bolýan gyzykly bir oýunmy? Hakykatdan beýle ünsüňi sowup ulag dolandyrmak tejribeli sürüjilere mahsusdyr, olar awtoulaga münüp, ýol ulag hadysasyna bolan töwekgelçilik ýokary bolsa-da, ulag dolandyryp bilýärler.

Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, sürüjilik simulýatorlary täze öwreniji sürüjilere ulag dolandyrmagyň başlangyç başarnyklaryny kemala getirmek, başarnyklary ele almak we nazary bilimleri berkitmek üçin zerur bolan gurallaryň biri diýip netije çykarmak bolar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşiginiň hünärmeniniň belleýşi ýaly, geljekki sürüjiler awtoulaglarda geçilýän tejribe sapaklaryna diňe sürüjilik trenažýorynda ulag dolandyryş taýýarlygyndan soň geçirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň