Ýatdan çykmajak syýahat üçin Türkmenistanyň iň owadan ýerleri

12:0616.11.2022
0
64671
Ýatdan çykmajak syýahat üçin Türkmenistanyň iň owadan ýerleri
Surat: Orient.tm, Canva, silkadv.com, tourweek.ru Asia Adventures, Alpagama

Her bir ýurduň özboluşly owadan ýerleri we olaryň öz reýtingi bar. Türkmenistanyň çäginde müňýyllyklaryň dowamynda ilkinji döwletleriň binalary we Merkezi Aziýanyň ajaýyp tebigy aýratynlyklary saklanyp galypdyr.

«Orient»-iň ýazmagyna görä, bu topluma Türkmenistanyň taryhy, tebigy, arheologiki ýadygärlikleriniň giň sanawy girýär.

Gadymy Merw şäheri

Beýik Ýüpek ýolunyň iň gowy goralýan gadymy merkezi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Merw Aziýanyň iň gadymy şäheridir. Ol öz döwründe Margiana we Seljuk imperiýasynyň paýtagty boldy. Şäherde meşhur akyldarlar Omar Haýýam, As-Samani we beýlekiler ýaşap, özleriniň dünýä belli eserlerini döretdiler.

Parfiýanyň paýtagty
Häzirki wagtda Nusaý şäheri gadymy harabalyklary özünde jemleýär. Bu ýerde b.e. öňki 4-nji asyra degişli bolan yzlar bar. Nusaý gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň iň möhüm taryhy ýadygärliklerinden biridir. 2007-nji ýylda Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy
Köneürgenç —Beýik ýüpek ýolunyň iň uly şäherlerinden biri bolan Demirgazyk Horezmiň gadymy paýtagtydyr. VIII asyryň ortalarynda şäher Buharadan soň ikinji uly şäher bolupdyr. Şäher 1221-nji ýylda «Yslamyň ýüregi» diýlip atlandyrylýar.

Goňurdepe
Bürünç asyry (miladydan öňki 2300-nji ýyl) şäherçesi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Mary oazisinde ýerleşýär. Margian 1972-nji ýylda arheologiki ekspedisiýasy tarapyndan açyldy. Goňurdepe köşk we birnäçe ybadathanasy bolan paýtagt Margiana welaýatynyň iň uly şäherçesidir. Onuň meýdany takyk kesgitlenmedi we dürli çaklamalara görä 20 gektardan 50 gektar aralygynda diýlip hasaplanylýar. Ybadathana şäheri miladydan öňki XVI asyryň ahyryna çenli ömür sürýär.

Dehistan

Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebit bolup, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasynyň 22 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şähristanlykdyr. Taryhy maglumatlar şäheriň VIII-IX asyryň başynda ýüze çykandygyny görkezýär. Dehistan Horezmşahlaryň döwründe pajarlap ösýär.

Abiwerd

Abiwerd Sassanid döwrüniň gadymy şäheridir. Ol Beýik Horasanyň demirgazygynda ýerleşýär. Abiwerd wagşyçylykly hüjümleriň öňüni almak üçin serhet şäheri bolup hyzmat edýär. Arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde birnäçe taryhy ähmiýetli depeler tapyldy. Abiwerdiň golaýynda Bandianyň ot ybadathanasy ýerleşýär.

Seýitjemaleddin metjidi
Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit syrça bilen gysganylman bezelipdir. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde, günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr.
Peştagyň syrçaly bezeginiň çeperçilik özboluşlulygynyň uly gymmaty bolupdyr, onda biri-birine tarap kellelerini uzadyp, süýnüşip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygrak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy syrça düşegiň üstünde towlanyp barýar, ol ownuk ösümlik nagyşlary jandarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.
Şuňa meňzeş aždarhalaryň dini ymaratda şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýokdur.

Dinozawrlaryň aýak yzlary
Dinozawrlaryň yzlarynyň saklanyp galan tekizligi Köýtendagyň demirgazyk-günbatar eňňidinde, Hojapil obasynyň derejesinden 850 metr ýokarda ýerleşýär. Täsin jandarlaryň aýak yzlarynyň uzynlygy 70 x 65 santimetre, ädiminiň aralyk uzynlygy bolsa 1,5 metr, käýerde 2 metr 20 santimetre çenlidir.
Bu sebitde takmynan 1500 jübüt gowy saklanan dinozawr aýak yzlary we 31 ýoda hasaba alyndy. Bu ýer planetanyň bir ýerinde dinozawr aýak yzlarynyň iň uly ýygyndysydyr.

Ýekegowak gowaklar toplumy
Tagtabazar şäherçesiniň ýanynda ýerleşýän Ýekegowak Ýekedeşik ady bilen bellidir. Ýekegowak iki gatdan ybarat bolup, gitdigiçe birneme beýgelýän, içine tarap 37 metre çenli uzaýan, göni gümmez görnüşli desgadyr. Onuň iki tarapyndan, biri-birine garşy, gönüburçly otaglar ýerleşendir. Otaglaryň her birinde ondan has kiçiräk otaga çykýan gapy deşikler bar. Bu otaglaryň otuz bäşisine baryp bolýar, galan birnäçesi bolsa opurylypdyr. Gowagyň käbir ýerlerinde içi tegelek çukurly tamjagazlar gurlupdyr. Bular gömülen guýular ýa-da azyk önümlerini saklamak üçin ýerler bolmagy ähtimaldyr. Birnäçe otaglarda ikinji gata çykmak üçin kertli basgançaklar çapylyp ýasalypdyr.

Garlyk gowaklary
Köýtendagyň esasy ajap ýerleriniň birem Garlyk obasynyň golaýyndaky Gapgotan, Haşymoýuk, Gülşirin, Aralyk, Daşýürek, Dik (Kunstkamera) ýaly we ýene-de ownuklarynyň onlarçasyny birleşdirýän Garlyk tebigy ýerasty köwler ulgamydyr.
Köýtendag gowaklary dürli stalaktitler we stalagmitler, täsin daş güller, gips kristallarynyň druzlary, gipsden emele gelen egrem-bugram şekiller bilen bezelen hakyky ýerasty labirintdir! Bu ýerde mermer oniksiň açyk reňkli, mele, seýrek duşýan üýtgeşik şekilli we sadap ýalpyldyly dürli görnüşleri gabat gelýär. Şeýle hem bu ýerde owadanlygy bilen haýrana goýýan kiçeňräk kölçeler hem bar.

Köwata köli
Köwata köli 60 metr çuňlukda ýerleşip, ýylyň ähli möwsüminde öz ýylylygyny saklaýar.
Kölüň suwunyň düzüminde kükürt, ýod, magneziýa, potasýum, natriý, sulfat, alýumin, bromin, demir, stibýum, we ş.m. – jemi 38 element bar. Kölüň suwunyň temperaturasy ýylyň ähli möwsüminde 33 — 38 dereje aralygynda bolýar. Kölüň uzynlygy 80 metir, ini 30 metir we çuňlygy 16 metire çenli ýetýär. Köwata dünýäde iň uly ýerasty kölleriň biri hasaplanýar.

Ýangygala
Gadymy Üstýurtda ýerleşýär. Bu ýer bir wagtlar suwuň astynda bolup, millionlarça ýyllap gadymy ummanyň galdyran ýerinde emele gelipdir. Kanýonlaryň güýçli gyzyl reňki demiriň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Gumdur toýunlar howanyň täsiri bilen kem-kemden daşa öwrülipdir.

Derweze
Türkmenistanda 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýanýan bu gaz krateri bütin dünýäde mälimdir. Ol 1971-nji ýylda ýanyp başlaýar. 1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar. Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşluk emele gelýär.
Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri otlaýarlar.

Palçyk wulkanlary
Ýüzlerçe kilometre çenli uzalyp gidýän, ýeke-täk çöl landşafty bolan gadymy Hazaryň kenaryndaky palçyk wulkanlary millionlarça ýyllap işjeňligini dowam etdirip gelýärler. Häzirki wagtda hereket edýän patlawuklar hemişe üýtgäp durýarlar. Olarda ýokarsyna inçelýän agzyna derek kiçeňräk erezler ýada kraterler bolup, olar suwly, suwuk laýly we nebitli bolýar. Gadymy wulkanlardan atylyp çykan jynslardan emele gelen daşa dönen depeler galypdyr.

Ýeroýlanduz çöketligi
Bu çöketlik diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäde seýrek duş gelýän landşafta eýe. Çuňlugy 500 metre barabar ýerleri bar. 300 km töweregi ýere ýaýlyp ýatyr. Häzirki wagtda bu ýerde ýitip barýan wulkanlaryň yzy bolan gümmezli depeleri görüp bilersiňiz.

Garabogaz aýlagy
Garabogaz aýlagy Türkmenistanyň iň belli tebigy ýerleriniň biri we ýer ýüzünde iň iri duzly basseýndir. Onuň akwatoriýasynyň meýdany 18 müň inedördül metre golaýdyr.
Gabagoaz aýlagynyňdüzüminde glauber duzunyň (mirabilitiň) möçberiniň köplügi sebäpli aýlagyň suwy hatda Selsiý boýunça 10 gradus sowukda-da doňmaýar.

Nohur
Daglyk owadan Nohur obasy Köpetdag gerşiniň günbatarynda, deňiz derejesinden 1 km belentlikde ýerleşýär. Ýerli ýaşaýjylar 1,8 km belentlikde gök önümleri we bag ösdürip ýetişdirýärler. Köne we täze Nohur üzüm, badam we nar baglary bilen bellidir.

Türkmenistanyň şarlawuklary
Iň uly Hur-huri şaglawugy. Geologlar bu şarlawagyň gurluşyny Niagara bilen deňeşdirýärler. Elbetde, bu şaglawugyň ini pes, ýöne beýikligi birmeňzeş. Iň owadany bolsa Umbar şarlawugy. Şeýle hem Kyrgyz, Koşdemir ýaly owadan şaglawuklar bar.

Türkmenistanyň tebigy goraghanalary
Repetek — Günorta-Gündogar Garagumda, Lebap welaýatynda, Türkmenabat şäherinden 70 km günorta-günbatarda, Repetek bekediniň töwereginde ýerleşýär.

Bathyz — Türkmenistanyň günortasyndaky Mary welaýatynda ýerleşýär. Goraghana Guşgy we Tejen derýalarynyň arasyndaky Bathyz platosynyň ekosistemalaryny goramak üçin döredildi.

Hazar — Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň biridir. Ýurduň günbatarynda, Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda (Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda) ýerleşýär.

Köpetdag — Aşgabadyň golaýynda, Ahal welaýatynda ýerleşýär. Özboluşlylygy — gadymy pisse meýdanlary bar.

Sünt-Hasardag — ýurduň günorta-günbataryndaky Balkan welaýatynda, Köpetdagyň günorta-günbataryndaky Sünt we Hasar daglarynda ýerleşýär.

Gaplaňgyr — Üstýurtyň günorta çetinde, Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatynda ýerleşýär.

Amyderýa — Lebap welaýatynyň Darganata, Seýdi we Farab etraplarynda ýerleşýän goraghanadyr.

Köýtendag — Lebap welaýatynyň şol bir atly etrabynda ýerleşýär.

Bereketli Garagum — Ahal welaýatynyň demirgazyk böleginde, Garagum sährasynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň