Şu gün Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň iki günlük dostluk festiwaly açylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli festiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda belleýşi ýaly, türkmen we özbek halklaryny gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryny medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Gutlagda Aşgabat şäherinde «Daşkent», Daşkent şäherinde bolsa «Aşgabat» seýilgähiniň gurulmagynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlarynyň doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny kämilleşdirmeginiň, şeýle-de ýakynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagynyň iki doganlyk halklaryň bähbidine gönükdirilen buýsançly işlerdigi nygtalýar.
— Şu ýyl Daşoguz welaýatynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň geçirilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Daşoguz welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde möhüm orny eýeleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň, gadymy galalaryň ençemesi bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky gadymy binalar, Nejmeddin Kubranyň, Aşyk Aýdyň piriň, Mahmyt Zamahşarynyň, Mahmyt Pälwanyň, Nurmuhammet Andalybyň edebi mirasy biziň halklarymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty Daşoguz welaýatynyň bagşy-sazandalarynyň döredijiliginde has-da ýörgünlidir. Häzirki döwürde Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda geçirilýän halkara çärelere döredijilik işgärlerimiz yzygiderli gatnaşýarlar. Medeniýet ulgamyndaky, döredijilik dünýäsindäki gatnaşyklar türkmen we özbek halklaryny ýakynlaşdyrýar, ýürekleri birleşdirýär. Şeýle asylly maksatlara hyzmat etmek, dostlukly gatnaşyklarymyzy täze derejelere çykarmak biziň esasy wezipämizdir — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.
Şeýle-de Gutlagda nygtalyşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşir Nowaýynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri ynsanperwerligiň, dostlugyň beýik mekdebine öwrülip, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Aşgabat we Daşkent şäherlerinde bu akyldar şahyrlaryň ýadygärlikleriniň gurulmagy, olaryň sözlerine döredilen aýdymlaryň türkmen we özbek sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň mizemezdigini subut edýär.
— Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäginde guraljak dabaralaryň hem biziň halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da berkitjekdigine, dostlukly gatnaşyklarymyzyň senenamasynda ajaýyp waka öwrüljekdigine pugta ynanýaryn — diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow festiwala gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýär.