Soňky habarlar

Arhiw

Bakuwyň täze port terminalynda Türkmenistandan iberiljek dökünler saklanar

20:1015.11.2022
0
30261

Baku portunyň çäginde dökün saklamak üçin niýetlenen terminal geljek ýylyň başynda ulanyşa berler.

Bu barada «Baku halkara deňiz söwda porty» umumy ýük terminalynyň başlygy Kamran Jalili aýtdy diýip, «Report» ýazdy. Onuň sözlerine görä, terminalyň kuwwatlylygy ýyllyk 3 million tonna bolar. Porta kükürt, karbamid, ammiak selitrasy dökünleri getiriler. Olary Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Gazagystandan we Türkmenistandan import etmek meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň 25-nji iýulynda Bakuwyň halkara deňiz söwda porty bilen «Albayrak» türk kompaniýalarynyň arasynda dökün terminalyny gurmak barada ylalaşyk gazanyldy. Ylalaşyga görä, «Albayrak» terminalyň 49% paýyna eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň