20-nji tapgyrda «Merwiň» derwezesine bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew möwsümdäki 16-njy pökgüsini geçirdi.
Şeýlelikde, ol Ýokary liganyň 30-njy möwsüminiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ýene-de birinji orna beýgeldi.
Ikinji orundaky Begenç Akmämmedowyň («Köpetdag») hasabynda 15 gol bar.
«Merwiň» futbolçysy Alibek Abdyrahmanow bolsa 14 gol bilen sanawyň üçünji basgançagaynda.