Rim Papasy Fransisk wagyz-nesihat wagty nobatdaky gezek rus nusgawy ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiden mysal getirdi. Öň rus ýazyjysyna «adamzadyň mugallymy we beýik gumanist» diýip baha beren Pontifik bu gezek Keramatly Pýotryň meýdançasynda däp bolup gelýän ýekşenbe wagzynda ýazyjynyň «Doganlar Karamazowlar» romanyndan parçany dile getirdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.
Rim Papasy: «Dostoýewskiý: «Adamlaryň günäli işlerinden gorkmaň, adamy günäli bolsa-da söýüň, çünki şeýlekin Taňry söýgüsiniň özi Zemindäki iň belent söýgüdir» diýip ýazypdyr» diýdi.
Papa Ýaradana söýgüniň dogrudygyny, onuň hiç wagt üýtgemeýändigini-de nygtady.
Ýeri gelende aýtsak, Rim Papasy Dostoýewskiniň döredijiligi bilen oňat tanyşdyr, ony öz söýgüli ýazyjysy hökmünde agzap, wagyz-nesihatlarynda eserlerine köp ýüzlenýär.