15-nji noýabrda Moskwada Adam hukuklary öýünde Adalatçylaryň Ýewraziýa Birleşiginiň ýedinji mejlisi geçiriler diýip, Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Habar berilmegine görä, mejlise Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar.
— Adam hukuklary öýünde «Adam hukuklary we azatlyklary boýunça hukuk bilimleri adam hukuklary işleriniň ugry hökmünde» atly mowzuk boýunça Adalatçylaryň Ýewraziýa Birleşiginiň VII mejlisi geçiriler — diýlip, habarda aýdylýar.
Habar berlişi ýaly, mejlisde milli adam hukuklary edaralarynyň ýolbaşçylary Birleşigiň agza döwletleriniň jemgyýetleriniň umumy maksatlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny we medeni gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, raýatlaryň kanuny sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem ýakyn geljek üçin bilelikdäki wezipeleri kesgitlärler.
Şeýle hem Belarusyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bu çärä synçy agza hökmünde gatnaşjakdygy bellenilýär.