Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmakda Türkmenistany goldaýar diýip, «Trend» FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusunyň sözlerine salgylanmak bilen habar berdi.
Wiorel Gusu Merkezi Aziýada we Türkiýede gurakçylyk we şorlaşma meýilli oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmagyň gerimini giňeltmek boýunça sebitleýin taslamanyň hereket edýändigini belledi. Ýatlap geçsek, bu taslama 2018-nji ýylda işe girizilipdi.
– Bütindünýä ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama landşafty toplumlaýyn dolandyrmagyň çemeleşmelerini we tebigy baýlyklary dolandyrmagyň toplumlaýyn usullaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Munuň özi topragyň şorlaşmagyny durnuklaşdyrmaga, eroziýany azaltmaga, suwuň toprakda tutulmagyna we saklanmagyna, agrobiodürlüligiň ýitgisini azaltmaga, şeýlelik bilen, çölleşmek meselelerini azaltmaga kömek eder – diýip, Gusu belleýär.
Şeýle hem ol 1995-nji ýylda bu gurama goşulany bäri Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda FAO-nyň tehniki goldawy Türkmenistanda milli potensialy ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak meselesine has köp üns bermek bilen, azyk howpsuzlygy, oba hojalygynyň we oba sebitleriniň ösüşi bilen baglanyşykly köp ugurlary öz içine aldy diýip, Gusu nygtady.