Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 21-nji maslahaty geçirildi. Onda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem-de «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garaldy.
Maslahatda «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri boýunça 91 milliard 75 million 686 müň manat we çykdajylary boýunça 90 milliard 97 million 999 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.
Şeýle-de okaň: