«Türkmentel – 2022» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde gecirilen «Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşiginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň 16-sy baýrakly orna mynasyp boldy.
«Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym-bilim; ulag-logistika; elektron senagat; oba hojalyk; hyzmatlar ulgamy; robototehnika ýaly ugurlary özünde jemläp, onda umumylykda 7 sany 1-nji ýer, 14 sany 2-nji ýer, 21 sany 3-nji ýer berildi.
Şolardan 1-nji orunlaryň 2 sanysy, 2-nji orunlaryň 6 sanysy, şeýle-de 3-nji orunlaryň 8 sanysy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna nesip etdi.
Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan Wekil Ýazgulyýew, Wekilmuhammet Bekmyradow dagy 1-nji orna, Şanazar Arazgeldiýew, Jora Abdyllaýew, Arslan Tirkeşow, Ilmyrat Gummyýew, Azimjan Täjiýew, Allaberdi Nurberdiýew dagy 2-nji orna, Gülaý Ýollyýewa, Myrat Babamyradow, Güljan Agajumaýewa, Ýusup Ataýew dagy bolsa 3-nji orna mynasyp boldular.
Uniwersitetiň mugallymlaryndan Şageldi Çaryýew, Bagtyýar Saparow, Aýjemal Öweddiýewa dagy 3-nji orny eýelediler. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň magistranty Didar Seýidow hem 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy.
Ýeri gelende bellesek, taslama bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň ýene 6 sanysy dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uçurymlarydyr.