Aşgabatda Türkmenistanyň milli ülňüleriniň Alimentariusyň kodeksiniň («Alimentarius Codex») standartlary bilen utgaşdyrylmagy boýunça seminar geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniñ habar bermegine görä, bu çäre Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň wekili Jeronimas Maskelýunasyñ ýolbaşçylygynda onuň Türkmenistana eden saparynyň çäginde geçirildi.
Alimentariusyň kodeksi ýa-da azyk kodeksi halkara derejesinde kabul edilen ülňüleriň, tehniki kadalaryň we düzgünleriň, azyk önümlere degişli beýleki görkezijileriñ toplumydyr. Onuň çäginde dünýä bazaryna çykarylýan azyk önümleriniň howpsuzlygyny we hilini kadalaşdyrýan, şeýle hem «adalatly söwda» şertleriniň berjaý edilmegini üpjün edýän halkara ülňüleri işlenip düzülýär.
2012-nji ýylda Türkmenistan Alimentariusyň kodeksiniň komissiýasynyň agzasy boldy. 2019-njy ýylda Türkmenistan Kodeksiň Maksatlaýyn fondunyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin saýlandy. 2021-nji ýylda Alimentariusyň kodeksiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda azyk howpsuzlygy ugrunda ýetilen sepgitlerine seredildi. Pudagara toparyñ agzalary Ýewropa Bileleşiginiň we EURAsEC-iň azyk kanunçylygynyň tapawudy bilen tanyşdylar.
Milli ülňüleriň Alimentariusyň kodeksine laýyklygy milli azyk öndürijileri üçin azyk howpsuzlygy ugrunda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşant goşar.
Alimentariusyň kodeksiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparyD öwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniden durýar.
Türkmenistanda Alimentariusyň kodeksiniň standartlarynyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugy jogapkärdir.