Soňky habarlar

Arhiw

«Nongfu Spring» agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Hytaýda iň baý adam boldy

15:0109.11.2022
0
13861
 «Nongfu Spring» agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Hytaýda iň baý adam boldy
Surat: bloomberg.com

«Nongfu Spring» diýen at bilen agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Çžun Şanşan Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdäki orny eýeledi. Bu barada «Hurun Research Institute» barlag merkeziniň nutugynda aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Surat: spot.uz

Habara görä, 68 ýaşly Çžun Şanşan ikinji ýyldyr, iň baý hytaýlylaryň sanawynda başdaky orny eýeläp gelýär. Bir ýylyň dowamynda telekeçiniň emlägi 17 göterim artyp, 65 milliard amerikan dollaryna ýetipdir.

Ikinji orunda «TikTok» atly meşhur goşmaçanyň eýesi bolan «ByteDance» guramasyny esaslandyryjy — 39 ýaşly Çžan Imin durýar, onuň baýlygy bir ýylda 28 göterim azaldy.

Sanawdaky üçünji orun ýangyç elementlerini hem-de CATL litiý-ion akkumulýatorlaryny öndüiriji kompaniýanyň eýesi, 54 ýaşly Szen Ýuýsýunýa eýeleýär. Ol hem Imin ýaly, bir ýylda maliýesiniň 28 göterime golaýyny ýitiripdir.

2020-nji ýylda Hytaýyň iň baý adamy diýlip yglan edilen «Alibaba Group» kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Ma bu ýylky sanawda dokuzynjy orunda ýerleşipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň