Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýurduň Kongresine aralyk saýlawlar dowam edýär. Amerikalylar Wekiller palatasynyň bütin düzümini we Senatyň agzalarynyň üçden bir bölegini, şeýle hem gubernatorlardyr ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylaryny saýlaýarlar.
Ses berlişigiň netijeleri güýçleriň ýerleşişinde çynlakaý özgerişliklere getirip biler diýlip çak edilýär. Respublikaçylar Wekiller palatasyny we Senaty öz gözegçiligine gaýdyp almak ugrunda göreşýärler. Häzir Kongrese tutuşlygyna demokratiýaçylar — Prezident Jo Baýdeniň partiýadaşlary tarapyndan gözegçilik edilýär.
Respublikaçylaryň giň möçberde ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň hasaba alynmagy bilen baglylykda, ýurduň Prezidenti demokratiýaçylaryň tarapdarlaryny saýlaw uçastoklaryna gelip, ses bermäge çagyrdy. Iki Palatanyň elden giderilmegi döwlet Baştutanynyň Prezidentligiň galan iki ýylyndaky syýasy maksatnamasyna päsgel berip biler diýip, «Euronews.com» ýazýar.
ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp respublikaçylardan bolan dalaşgärleri goldamak boýunça işjeň tutumy alyp bardy, ol bu partiýanyň aralyk saýlawlarda üstün çykjakdygyna umyt bildirýär. Tramp öň özüniň 2024-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny-da ýaňzydypdy.
Ses berlişigiň gutarnykly netijeleri ýene birnäçe günden belli bolar.