8-nji noýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.
Tapgyryň ilkinji duşuşygynda «Daşoguz» hem-de «Milli goşun» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Daşoguz» 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Tapgyryň ikinji duşuşygynda «Gümrükçi» «Ahaly» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Senagatbank» topary hem geçiren duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy. Bu duşuşykda Mergen Ataýewiň tälim berýän topary 4:1 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň merkezi duşuşygynda «Köpetdag» «Deňizçini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 42 utuk toplan «Köpetdag» birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Deňizçi» hem-de «Gümrükçi» toparlary eýeleýärler.
Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy noýabrda geçiriler: «Senagatbank» – «Ahal», «Milli goşun» – TNGIZT, «Köpetdag» – «Daşoguz», «Gümrükçi» – «Deňizçi».
16-njy tapgyryň netijeleri:
«Daşoguz» – «Milli goşun» – 5:1
«Ahal» – «Gümrükçi» – 4:1
TNGIZT – «Senagatbank» – 1:4
«Deňizçi» – «Köpetdag» – 1:2
Ýaryş tertipnamasy:
| T/b | TOPARLAR | O | Ý | D | U | T | U | |
| 1. | «Köpetdag» | 16 | 13 | 3 | 0 | 85-29 | 42 | |
| 2. | «Deňizçi» | 16 | 12 | 3 | 1 | 76-19 | 39 | |
| 3. | «Gümrükçi» | 16 | 10 | 3 | 3 | 68-41 | 33 | |
| 4. | «Senagatbank» | 16 | 9 | 2 | 5 | 47-37 | 29 | |
| 5. | «Daşoguz» | 16 | 5 | 2 | 9 | 59-81 | 17 | |
| 6. | TNGIZT | 16 | 4 | 0 | 12 | 36-66 | 12 | |
| 7. | «Milli goşun» | 16 | 2 | 1 | 13 | 37-74 | 7 | |
| 8. | «Ahal» | 16 | 2 | 0 | 14 | 32-93 | 6 | |

