Daşary ýurt awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistana girmäge rugsat berildi

15:0005.11.2022
0
81996

Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasy döwründe girizilen çäklendirmeleriň ýene biri aradan aýryldy. Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, şu ýylyň 7-nji noýabryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portundan, Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen Türkmenistanyň çägine gelmeklerine, gitmeklerine hem-de üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi.

Çeşme şunda sürüjileriň bildirilýän talaplary berjaý etmelidigini ýatladýar. Olar Türkmenistanyň çäklerine diňe şol talaplary berýaj eden ýagdaýynda girip bilerler

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň