Nebit dünýäde sarp edilişdäki paýynyň peselýändigine garamazdan, 2045-nji ýyla çenli ýangyjyň iň islegli görnüşi bolar. Bu barada «OPEK World Oil Outlook» (WOO) çaklamasynda aýdylýar diýip, «Trend» habarlar gullugy ýazýar.
OPEK guramasynyň çaklamasynda dünýäniň energiýa bazarynda nebitiň paýynyň 2045-nji ýyla çenli häzirki 31 göterimliginden 29 göterime çenli aşaklajakdygyna seretmezden, onuň iň hyrydarly ýangyç boljakdygy aýdylýar. Diňe nebit bilen gazyň paýyna energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň 50 göterimi degişli bolar.
Nutukda energiýa bazarynda bioýangyjyň we kömrüň hasabyna tebigy gaza islegiň kemelýändigine seretmezden, 2030-njy ýylda gaz kömri bazarda çalşar hem-de sarp edilýän ýangyjyň bazarynda ikinji orny eýelär diýlip bellenýär.