Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar. Bu barada IRU habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
«Häzirki wagtda bu ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, IRU guramanyň agzasy — Halkara ýol gatnawçylary türkmen birleşigi (THADA), şeýle hem türkmen tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy» diýlip, habarda bellenilýär.
Bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanda iň oňat önümçilik tejribesini ulanmaga, şeýle hem ýurt üçin ykdysady, durmuş we daşky gurşaw taýdan amatlyklary durmuşa geçirmäge gönükdirilendigi bellenildi.
Türkmen işgärleri ýakynda CMR konwensiýasyna laýyklykda ulanylýan elektron CMR-e (iberiş belliginiň elektron görnüşi) goşulmak isleýändiklerini mälim etdiler diýip, IRU habar berýär.
Gurama Türkmenistanyň 20 ýyldan gowrak wagt, ýagny 1996-njy ýylda Halkara ýol ulaglary konwensiýasyna (TIR) goşulany bäri IRU bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belledi.

