Soňky habarlar

Arhiw

«Flamengo» Libertadores Kubogyna mynasyp boldy

12:3531.10.2022
0
18115

«Flamengo» Libertadores Kubogynyň finalynda «Atletiko Paranaense» toparyny (1:0) utdy.

«Atletiko Paranaense» 43-nji minutdan goragçy Pedro Enrikeniň oýundan çykarylmagyndan soň, on adam bilen oýnady. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Gabriel Barboza (45) tora girizdi.

«Flamengo» Libertadores Kubogynda 3-nji gezek ýeňiji boldy. Klub ozal Kubogy 1981-nji we 2019-njy ýyllarda alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň