Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň karate ýygyndysy Ýewropanyň açyk çempionatynda 14 medal gazandy

23:0425.10.2022
0
31015

Italiýanyň Rimini şäherinde fudokan karate boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Onda türkmenistanly türgenler medallaryň 14-sine mynasyp boldular. Halkara ýaryşa 30 döwletden 1000-den gowrak karateçi gatnaşdy.

Türkmenistanyň ýygynyndysynyň gazanan medallarynyň türgenleriň sanyndan hem agdykdygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanyň ýygyndysyna 10 türgen we iki tälimçi wekilçilik etdi. Türgenlerimiz altyn medallaryň 2-sini, kümüş medallaryň 5-sini we 7 sany bürünç medal gazandylar.

Geljegine uly umyt bildiriýän türgen Yhlas Annagurbanow 11 ― 13 ýaş aralygyndaky karateçileriň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kata boýunça altyn, kumite boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

16 ― 17 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Nurgeldi Annagurbanow kata boýunça ýaryşyň wise-çempiony boldy.

Şahsy kumite boýunça 16 ― 17 ýaş aralygyndaky türgenleriň ýaryşynda Ýagmyrmyrat Dähetmyradow 65 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Durdymyrat Meredow bolsa boýnuna bürünç medallaryň ikisini dakdy: ol bu üstünlikleri 18 ― 20 ýaş aralygyndaky türgenleriň we uly ýaşly karateçileriň arasynda kumite görnüşi boýunça gazandy. Durdymyradyň 65 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşandygyny habar berýäris.

Görkezme çykyşlarynda kümüş medallaryň ikisini gazandylar. Olaryň biri 18 ― 20 ýaş aralygynda 65 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Arslan Ataýewe, ikinjisi bolsa 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda 70 kilograma çenli agramda ýaryşan Selim Myratdurdyýewe degişlidir.

Kumite boýunça ýaryşlarda Kemal Ataýew 21 ― 35 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykan bolsa, 18 ― 20 ýaşlylaryň arasynda 80 kilograma çenli agram derejesinde Arslan Ataýew hem şeýle netijäni görkezdi.

Ýekelikdäki kumite boýunça 18 ― 20 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Durdymyrat Meredow bilen ýekelikdäki katada 21 ― 35 ýaş aralygynda Röwşen Hudaýberenow dagylar hem bürünç medal eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň