Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Emeli aň Daniýada syýasy partiýa ýolbaşçylyk edýär

12:4525.10.2022
0
16138
Emeli aň Daniýada syýasy partiýa ýolbaşçylyk edýär
Surat: zakon.ru

Daniýada syýasy partiýalaryň biriniň baştutanlygyna emeli aň saýlandy diýip, ýerli «Jullands-Posten» neşiri habar berdi.

Syýasy partiýa «Sintetiki partiýa» diýip at berdiler, ol şu ýazda suratkeşler topary tarapyndan esaslandyryldy. Partiýa Lider Lans atly emeli aň ýolbaşçylyk edýär, ol Patyşalygyň 1970-nji ýyldan bäri taryhynda hiç haçan Rigsdagda (Mejlisde) orun almadyk ähli partiýalaryň syýasatyna ýöriteleşdirilendir.

Emma habar beriş serişdeleri Sintetiki partiýanyň Daniýanyň Mejlisine girmek mümkinçiliginiň ujypsyzdygyny ýazýarlar. Sebäbi ýerli kanunçylyga laýyklykda, partiýalara seçip alnyşygy geçmek üçin 20 müň gol toplamak gerek, emma täze syýasy güýji goldap häzirki wagtda 11 adam gol goýdy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň