Top.Mail.Ru

Türkmenistanda dolandyryş-çäk özgertmeleriniň netijesinde 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýar

10:2324.10.2022
0
9860

Bu barada 22-nji oktýabr güni Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

«Şeýle-de dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, ulanyşdan boşadylýan, ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň edara binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer» diýip, ministr belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ýurduň dolandyryş-çäk birlikleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, tygşytlanan maliýe serişdeleriniň ýurduň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Belläp geçsek, agzalan mejlisde aýdylyşy ýaly, ýurt boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, 6 sany etraby (Gubadag etrabyny, Gurbansoltan eje adyndaky etraby, Farap etrabyny, Döwletli etrabyny, Serhetabat etrabyny we Oguzhan etrabyny); 5 sany etrap hukukly şäheri (Tejen şäherini, Gumdag şäherini, Hazar şäherini, Serdar şäherini, Köneürgenç şäherini); 1 sany şäherdäki etraby (Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny); 2 şäherçäni (Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini, Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini); 36 sany geňeşligi ýatyrmak teklip edilýär.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda ýurduň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegiň maksat edinilýändigi barada aýdanlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 36 sany obanyň golaýynda ýerleşýän ilatly ýerlere birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirmek teklip edilýär. Mundan başga-da 6 sany oba şäherçe derejesini bermek we welaýatlarda ýörite ýer gaznasynyň çäginde raýatlara jaý gurmak üçin berlen mellek ýerlerinde dörän 5 sany ilatly ýere oba derejesini berip, 5 sany obany döretmek teklip edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň