Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada yssy güýz höküm sürýär

10:3620.10.2022
0
8825
Ýewropada yssy güýz höküm sürýär
Surat: timeout.com

Fransiýanyň günorta-günbatarynda bu güýz hakykatda tomsuň iň jokrama döwrüne meňzeýär. Adamlar deňziň kenarynda Güneşiň çogunda hezil edinip dynç alýarlar. Şu hepdäniň aýagynda howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, 30 gradus derejede maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Ýerli ýaşaýjylar güýzüň mylaýym gelendigine begenýärler, sebäbi şeýle howada öýde ýyladyjy işletmek hem gerek däl. Emma olar bu maýyl howa o diýen ynanybam baranoklar, «munuň yzynyň bir çöpi bardyr» diýip, ätiýaçlanýarlar.

«Bu görlen ýagdaý däl. Öň bu döwürde bizde eýýäm aýaz düşerdi, guşlaram eýýäm göç etmelidi, emma edenoklar. Biz näme bolýandygyna düşünemzok.

Planeta howp aralaşýarmyka?» diýip, Tuluza şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Tuluzadaky Garonna derýasynda gury ýer adajyklary görünýär, olary öňler suw basardy. Ýurduň Bordo şäherinde-de howa yssy. Adamlar güýzüň öňki ýyllardakylara meňzemeýändiginden iňkise gidýärler.

Malika, talyp: «Bu ýagdaý meni-de biynjalyk edýär, emma men hemme zady ählumumy maýlama bilen baglamaly dälmikäk diýip pikir edýärin. Biz bu ýyl güýçli guraklygyň şaýady bolduk, ol hem bizi tolgundyrypdy. Golaý birki ýylda nämeleriň boljakdygyny görübereris. Eger birdenkä 25-nji dekabrda-da howa edil häzirkisi ýaly bolaýsa, hakykatdanam, alada etmeli bolsa gerek».

Howa maglumaty gullugynyň hünärmenleri bu güýzdäki yssy howanyň sebäbini Afrikanyň demirgazyk-günbataryndan aralaşan ýyly howa akymlary bilen baglaýarlar. Güýzüň çogly howasynyň günbatar Ýewropadan başlap, tutuş Beýik Britaniýany gurşap almagyna garaşylýar. Bu barada «Euronews.com» saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň