Beýik Britaniýadaky kofe içilýän ýerleriň biri müşderilerden işgärleridir beýleki müşderilere gatnaşykda gödeklige ýol berseler, iki esse töleg alýar diýIp, NDTV teleýaýlymy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Kofehananyň eýesi Osman Hüseýniň sözlerine görä, ol şeýle etmek bilen, adamlary daş-töweregindäkilere mylakatly bolmaga çagyrýar. «Bu özüňi medeniýetli alyp barmak babatda oňat ýatlatmadyr. Gynansagam, käbir adamlara bu barada ýatlatmak gerek bolýar» diýip, ol aýdýar.