Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda «Köpetdag» «Merw» topary bilen güýç synanyşdy. Üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.
Şeýlelikde, bu duşuşykdan soň utugyny 25-e ýetiren «Köpetdag» eýeleýän üçünji ornuny saklap galdy. 23 utugy bolan «Merw» dördünji orny eýeleýär.
Futbol çempionatymyzyň 15-nji tapgyrynyň jemleýji güni, 19-njy oktýabrda üç duşuşyk geçiriler: «Altyn asyr» – «Energetik», «Ahal» – «Nebitçi», «Şagadam» – «Aşgabat».
15-nji tapgyryň duşuşygy:
«Köpetdag» – «Merw» – 0:0
Duýduryşlar: 51 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 90 Yhlas Saparmämmedow – 54 Merdan Saparow, 65 Kemal Annamuhammedow, 90+3 Amangeldi Saparmämmedow.
Geçirilen ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Ahal» FK | 14 | 12 | 2 | 0 | 48-11 | 38 |
| 2. | «Altyn asyr» FK | 14 | 9 | 4 | 1 | 24-7 | 31 |
| 3. | «Köpetdag» FK | 15 | 8 | 1 | 6 | 24-23 | 25 |
| 4. | «Merw» FK | 15 | 7 | 2 | 6 | 23-21 | 23 |
| 5. | «Şagadam» FK | 14 | 5 | 4 | 5 | 23-19 | 19 |
| 6. | «Aşgabat» FK | 14 | 3 | 1 | 10 | 12-23 | 10 |
| 7. | «Energetik» FK | 14 | 2 | 3 | 9 | 9-30 | 9 |
| 8. | «Nebitçi» FK | 14 | 2 | 1 | 11 | 17-46 | 7 |

