Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy özgertmeleri geçirmäge mätäçlik çekýärler diýip, Rim Papasy Fransisk özüniň «Sizden Ýaradanyň adyndan haýyş edýärin. Geljege umyt barada on doga» atly kitabynda ýazýar. 18-nji oktýabrda satuwa çykmaly kitapdan parçalary «La Stampa» gazeti çap etdi.
Papanyň sözlerine görä, haçan-da ählumumy derejede parahatçylyk we howpsuzlyk barada gürrüň gidýärkä, ilkinji nobatda BMG, şol sanda onuň Howpsuzlyk Geňeşi hakydaňa gelýär.
Pontifik kitabynda BMG-niň döredilen döwründen bäri dünýäniň özgerendigine ünsi çekýär, onuň pikiriçe, häzirki wagtda Milletler Bileleşigi we beýleki halkara guramalar hakyky ýagdaýlara görä özgertmeleri geçirmäge mätäçdir.
Rim Papasy şeýle-de uruşlaryň hiç wagt hem meseleleri çözmeýändigini ýazýar. Bu barada «Gazeta.ru» habar berýär.