Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen duşuşdy.
Resmi rus elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Grigoriý Karasin Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini belledi. Şeýle-de ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Senator Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň guramaçylyk derejesine hem-de netijelerine kanagatlanma bildirdi.
— Aşgabat forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle-de iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ýörite topar döretmek barada ylalaşyk gazanyldy – diýip, Grigoriý Karasin aýtdy. — Sebitara hyzmatdaşlyk biziň üçin uly ähmiýete eýe. Rus-Türkmen uniwersitetini döretmek meselesiniň hem üstünde işlenip başlandy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar – diýip, senator belledi.
Türkmen diplomaty Batyr Nyýazlyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwa amala aşyran sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berdi. Şeýle-de strategik hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary giňeltmekde täze mümkinçiliklere ýol açdy.
Söhbetdeşlikde, şeýle-de iki ýurduň parlamentarileriniň derejesinde birek-birege saparlaryň guralmagy bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.