Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan suw göteriji bekedi gurlar

10:3612.10.2022
1
31978

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Ýaşyl Depede kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan suw göteriji bekedi gurlar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw geçirijilerini gurmak, gerek bolan suw göterijileri we elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýoly, 84-nji jaý.

Arzalar 22-nji noýabra çenli kabul edilýär.

Maglumat üçin telefonlar: (+993 12) 44-46-64; 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň