Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda täze awtoulaglaryň duralgasy tapyldy

12:2211.10.2022
0
15986
Hytaýda täze awtoulaglaryň duralgasy tapyldy
Surat: gazeta.ru

Hytaýda «Weibo» sosial ulgamynyň ulanyjylary «Ora iQ» kysymly hereketsiz awtoulaglaryň köp sanlysynyň duralgasyny wideo düşürip ulgamda ýerleşdirdiler. Olar karşering, ýagny gysga möhletleýin kärende üçin niýetlenen ulaglar bolup durýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Ole Sharing» karşering hyzmaty HHR-da 2018-nji ýylda «Ora» elektrik awtoulaglarynyň önümçiligi bilen bir wagtda işe goýberildi, şol wagt «Great Wall Motors» awtoulag önümçilikçisi bu taslama 1 milliard ýuan möçberde maliýe serişdesini goýberdi diýlip, habarda bellenýär.

Emma 2021-nji ýylda «Ole Sharing» karşering merkeziniň ýapylandygy belli boldy. Muňa Hytaýda elektrik ulaglaryna ýeňillikli karzlaryň çäklendirilmegi sebäp boldy, netijede hem karşeringde işleýän ulaglar satylman, zibilhana ugradyldy, olar şondan bäri hem ol ýerde çaň basyp ýatyr diýlip, habarda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň