Ozal habar berşimiz ýaly 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet sapary bolar.
Bu sapar syýasy, söwda, ykdysady, ulag, üstaşyr, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem türkmmen-gazak strategiki hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir ― diýip, goňşy döwletiň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Saparyň dowamynda taraplar sebitiň we halkara gün tertibindäki möhüm meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
Netijede, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.