Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly samboçylar Aziýanyň açyk çempionatynda 9 medal gazandylar

14:0210.10.2022
0
15016

Türkmenistanly samboçylar Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda medallaryň 9-syny gazandylar. Bu üstünliginde bir altyn, bir kümüş we ýedi sany bürünç medal bar.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny zenanlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aýlar Melikowa gazandy. Hormat münberiniň ikinji basgançagynda bolsa erkekleriň arasynda 79 kilograma çenli agram derejesinde Begenç Baltaýew çykdy.

Aziýanyň açyk çempionatyndaky bürünç medallarymyzyň altysy erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda gazanyldy. Has takygy, 58 kilograma çenli agram derejesinde Ýusup Taňryberdiýew bilen Muhammetmyrat Babekow, 71 kilogramda Dawid Awçýan, 79 kilogramda Sapar Döwletow, 88 kilogramda Annageldi Annasähedow, 98 kilogramdan ýokary agram derejesinde bolsa Nazar Lolleýow bürünç medalyň eýesi boldular. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda şeýle üstünligi 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Weronika Rus gazandy.

Şu ýyl türkmenistanly samboçylaryň «Aziýanyň çagalary» atly sport baýramçylygyndan, Moskwa şäherinde geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogyndan», Talyplaryň dünýä kubogyndan hem medallar bilen dolanandygyny ýatladýarys. Indi bolsa Türkmenistanly samboçylar geljek aýda Bişkek şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler.

Toplanylýan halkara tejribeler türkmen samboçylarynyň 2025-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek dünýä çempionatynda has üstünlikli çykyş etmegine ýol açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň