Beýik britaniýaly öz gyzynyň oturtma kirpiklerini düşdüşdir öýtdi diýip, «Mirror» neşiri habar berýär. Erkek kişiniň özüni alyp barşy bütin maşgalasyny hem-de sosial ulgamdan peýdalanyjylary gülmäge mejbur etdi.
Altmyş dokuz ýaşly Pit Robinson öýünde suwa düşülýän wannany bejerip ýörkä, penjiräniň öňünde geň zada gözi düşdi. Golaýdan synlap, ony ullakan möýdür öýtdi, gaçmazlygy üçin üstüne stakan ýapyp goýdy hem-de işi bilen boluberdi.
Erkek kişiniň Jen atly gyzy kakasynyň nämedir bir zady stakanyň aşagynda gizländigini gördi we gelip ony synlap güldi. Görlüp oturylsa, kakasy onuň oturtma kirpiklerini düşdüş öýden ekeni.
«Men stakanyň aşagynda näme bar, kaka?» diýip soradym. Ol: «Bilemok, öz-ä bir mör-möjek tutdum» diýdi. Meniň gülüp gözüm ýaşaryp gitdi» diýip, Jen gürrüň berdi.
Oňaýsyz ýagdaýa düşendigini bilensoň, Robinsonyň özi hem güldi. Jen bolsa wakany köpleriň bilmegini isläp, ol barada sosial ulgamda gürrüň berdi.
«Siziň kakaňyz degişgen adam ekeni» diýip, ulgamdan peýdalanyjylar seslendiler. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.