Top.Mail.Ru

Aşgabatda 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi gurlar

14:3304.10.2022
0
45432

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-46-64; +993 12 44-46-77

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň