Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «ms studio» fotostudiýasy ýokary hilli fotosurat hyzmatlaryny hödürleýär

09:4903.10.2022
0
24358

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «ms studio» fotosurat studiýasy türkmenistanlylar üçin dürli hili pursatlary ýadygärlik galdyrjak fotosessiýalary guramak, studiýada we açyk tebigatda surata düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Dost-ýarlar bilen guralýan oturlyşyklardyr şagalaňlar, toý dabaralary, love story ýa-da tebigatda surata düşmek ýaly daşarky şertlerde fotosurata almak işlerine «ms studio» studiýasynyň hünärmenleri degişli ýeriň şertlerini öwrenmek bilen işjeň taýýarlanýarlar.

Fotostudiýanyň diwarlary dürli interýer bezegleri esasynda 5 dürli görnüşde bezelen we enjamlaşdyrylandyr. Professional derejedäki fotosurat enjamlary hem-de yşyklandyryş tehnikalary islendik žanrdaky suratlary täsirli düşürmäge mümkinçilik berýär.

Studiýanyň fotosuratçylarynyň köp ýyllyk tejribesi we başarnyklary ýekeleýin hem-de tematiki suratlary düşürmekde, kadrlarda maşgalanyň agzybir ojagyndaky mähirli gatnaşyklary şöhlelendirmekde, ýaş çatynjalaryň joşgunly toý duýgularyny beýan etmekde, şeýle hem agzybir maşgalanyň täze dünýä injek bäbege sabyrlylyk bilen garaşýan jadyly duýgularyny açyp görkezmekde aýdyň ýüze çykýar.

Döredileni bäri geçen 8 ýylyň içinde fotostudiýanyň agzybir hünärmenleri işlerine döredijilikli, hünärlerine özboluşly ussatlyk bilen çemeleşip, bütin ýurduň çäginde giň meşhurlyga eýe boldular. Studiýanyň hemişelik müşderileriniň hatarynda maşgalalaryň, telekeçileriň, şeýle-de tanymal dizaýnerleriň we artistleriň bardygyny aýtmak hem fotostudiýanyň abraýyny aýdyň görkezýär.

Studiýanyň esaslandyryjysy Sergeý Mirzoýewiň belleýşi ýaly, fotosurata düşürmekde müşderiniň hakydasynda ýyllarboýy galar ýaly baýramçylyk ruhuny, durmuşyň ajaýyp pursatlaryny jaýdar şöhlelendirmek — «ms studio» toparynyň esasy maksady bolup durýar.

Fotostudiýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby;
  • Elektron poçta salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň