Soňky habarlar

Arhiw

Hazarýaka ýurtlarynyň wekilleri Kalmyk uniwersitetinde maslahat geçirerler

14:5802.10.2022
0
30747
Hazarýaka ýurtlarynyň wekilleri Kalmyk uniwersitetinde maslahat geçirerler
Surat: tegrk.ru

Hazarýaka ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň uniwersitetleriniň, federal we sebit häkimiýetleriniň wekilleri Hazar ýurtlarynyň uniwersitetler we gözleg merkezleriniň birleşiginiň XXIV Baş Assambleýasynda (AUPS) bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada çäräniň guramaçylyk komiteti habar berýär.

Mejlis oktýabr aýynyň başynda, ikinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetinde geçiriler.

Çäräniň gün tertibi 2018-nji ýylda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň kanuny hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň ýörelgelerine esaslanýar.

«Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň ykdysady, daşky gurşaw, etnik, medeni aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň meseleleri, medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we ylmy taslamalary taýýarlamak üçin birleşýäris» diýip, B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň rektory Badma Salaýew aýdýar.

Bu mejlis Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge ägirt uly goşant goşýan alymlaryň we talyplaryň iň möhüm forumlaryndan biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň