Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşdy

17:4001.10.2022
0
27787
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşdy
Surat: shugiin.go.jp

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tokio şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Ýapon Parlamentiniň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda Hiroýuki Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde jaýlanyş çäresine gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de saparynyň dowamynda geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerine ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon tarapyna türkmen wekiliýetini ýokary myhmansöýerlik bilen garşylandyklary, şeýle-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmege döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi, şeýle-de parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ýangyç-energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri baradaky sowallar boýunça hem pikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki jaýlanyş çäresine gatnaşdy, şeýle-de Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kisida Fumio bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň