Soňky habarlar

Arhiw

150-den gowrak kompaniýa Türkmenistanda geçirijek saglygy goraýyň, bilim we sport sergisine gatnaşar

12:0001.10.2022
0
39475
150-den gowrak kompaniýa Türkmenistanda geçirijek saglygy goraýyň, bilim we sport sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow Hökümet mejlisinde şu ýy­lyň 10-11-nji okt­ýab­ryn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ser­gä hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň der­man se­riş­de­le­ri­ni we luk­man­çy­lyk mak­sat­ly önüm­le­ri, luk­man­çy­lyk, sport en­jam­la­ry­ny ön­dür­mä­ge, bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýö­ri­te­le­şen 30-dan gow­rak ýur­dun­dan 150-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le-de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ril­jek yl­my mas­la­hat dün­ýä­niň 20-ä go­laý döw­le­tin­den da­şa­ry ýurt­la­ryň esa­sy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň alym­la­ry­ny, pro­fes­sor­la­ry­ny bir ýe­re jem­lär.

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni ýur­du­my­zyň mö­hüm dur­muş ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak, äh­lu­mu­my bäh­bit­ler ug­run­da öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, pi­kir we tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra ser­gi­le­ri­dir mas­la­hat­la­ry yzy­gi­der­li gu­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re bu çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň