Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow Döwlet Baştutanyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu maddy-tehniki enjamlar we serişdeler «Türkmengaz» döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak arkaly «Bagaja» gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işiniň bu pudagyň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.