Türkmenistanda Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmak boýunça tertip taýýarlanylýar

23:3730.09.2022
0
29217

Türkmenistanyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Döw­let em­lä­gi­ni bäs­le­şik esa­syn­da ynanç­ly do­lan­dyr­ma­ga ber­me­giň ter­ti­bi­niň tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, işiň bu gör­nü­şi­ni ama­la aşyr­ma­gyň düz­gün­le­ri, ka­da­la­ry we şert­le­ri kes­git­le­nil­di. Bu barada Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow döwlet Baştutanyna hasabat berildi.

Hasabatda döw­let em­lä­gi­ni do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek we bu ul­gam­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aýdyldy.

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň döw­let em­lä­gi­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni we onuň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne da­şar­ky we içer­ki ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mä­ge, döw­let em­lä­gi­ni do­lan­dyr­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam et­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň