Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/1 belgili çözgüdi tassyklanyldy.
Şeýle-de bu wezipä Allaberdi Aşirowy saýlamak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/2 belgili çözgüdi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.