Arhiw

Tom Henks geljek ýyl ilkinji romanyny çap etdirmekçi

16:4329.09.2022
0
22217
Tom Henks geljek ýyl ilkinji romanyny çap etdirmekçi
Surat: championat.com

Amerikan aktýory Tom Henks özüniň «The Making of Another Major Motion Picture Masterpiece» («Nobatdaky ajaýyp iri kino eserini döredip») atly ilkinji romanyny 2023-nji ýylyň maýynda çap etdirmekçi. Ol bu barada «People» neşiri bilen söhbetdeşliginde habar berdi.

Roman super-gahrymanly filmiň hem-de onuň esasynda ýatýan 1940-njy ýyldaky komiksiň önümçiligi barada gürrüň berer. Eseriň wakalary üç sany wagt çäginde: 1940-njy, 1970-nji we häzirki döwürde bolup geçýär.

Roman 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda satuwa çykar.

2017-nji ýylda Tom Henks özüniň ilkinji kitabyny — «Özboluşly nusga. Ol-bu barada gürrüňler» atly hekaýalar ýygyndysyny çap etdiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň