Maksat Mämmedow ýeňil atletika boýunça sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

23:5424.09.2022
0
16801

Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň ýadro zyňmak boýunça ýaryşlarynda türkmenistanly türgen Maksat Mämmedow altyn medal gazandy.

Ol ýadrony 16,08 metr aralyga zyňmagy başardy.

Ýaryşda ikinji orny Farhod Oçilow, üçünjiligi bolsa Asliddin Rahmonberdiýew eýeledi. Bu türgenleriň ikisi hem özbegistanlydyr.

Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň