Arhiw

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ Aşgabatda sürüjisi bilen awtobus kärendesi hyzmatyny hödürleýär

14:0524.09.2022
0
53155

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ, «Hyundai Aero City» kysymly awtobuslarda sargyt esasynda edara-kärhanalaryň işgärlerini gatnatmak hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» gullugynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Bu hyzmat ýolagçy gatnawy üçin amatlydyr, ýagny dürli gezelençlerde, işewür ýygnaklarynda, korporatiw çärelere hyzmat etmek, şeýle hem işgärleri gatnatmaga mümkinçilik berýär.

Awtobuslar üçin iň pes kärende möhleti 1 sagat.

Kärhanalara we raýatlara sargyt etmek üçin ýolagçy transport hyzmatlary sagadyna 140 manat möçberinde bellenilýär.

Habarlaşmak üçin: Aşgabat ş. Çoganly ý/t, Halkara awtomenzil.

Telefon belgileri: 44-35-20, 44-35-35.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň