Soňky habarlar

Arhiw

Türk her gün 15 müň ädim ädip, 45 kilogram horlandy

14:0424.09.2022
0
24950
Türk her gün 15 müň ädim ädip, 45 kilogram horlandy
Surat: bagimsizhaber.com.tr

Türkiýeli Fewzi Erdem her gün 15 müň ädim ýoly geçip, ýedi aýda 45 kilogram horlandy diýip, ýurduň «Daily Sabah» gazeti habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ol özüniň ýurda syýahat etmek meýlini çalt horlanmak maksady bilen baglady, munuň üçin Erdem 81 ülkäni aýlandy, 15-nji fewralda Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Edirne şäherinden ugur alyp, güngogardaky Agry şäherine ýöräp ýetdi. Ararat dagynyň eteginde Erdem özüniň köne egin-eşiklerini çalşyp, ýoluny dowam etdi. Gürrüň bermegine görä, ol pyýada, kä otly bilen, awtobusda we ulagda syýahat etdi.

Erdem özüniň ahyryky maksadynyň adamlary «ýöräp başlamaga» ylhamlandyrmakdygyny hem-de iýmitdir semremek babatda seresap bolmaga çagyrmakdygyny gürrüň berýär.

«Men özümi has bagtly we sagdyn duýýaryn» diýip, ol aýdýar.

Erdem koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeler wagtynda 170 kilograma çenli semredi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň