Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gümrük işgärleri iňlis dilini öwrenmek bilen ýokary okuw kurslaryny geçýärler

20:2916.09.2022
0
26339

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Aşgabat şäher we welaýat gümrükhanalarynyň tabynlygyndaky gümrük edaralarynyň gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölümleriniň işgärlerinden ybarat bolan topar hünär taýdan kämilleşdiriş okuw kursuny geçýär. Okuw çäresiniň maksady gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almakda degişli işleri geçirmekde işgärleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu hünär taýdan kämilleşdiriş okuw kursy 1-nji sentýabrynda başlady diýlip gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Okuw çäresiniň dowamynda, gadagan edilen harytlaryň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça umumy we amaly sapaklar göz öňünde tutulýar. Geçilýän dersleriň diňleýjiler tarapyndan oňat özleşdirilmegi üçin Okuw merkeziniň mugallymlary okuw sapaklarynyň dowamynda innowasion okuw esbaplaryndan hem-de gümrük işiniň häzirki zaman usullary boýunça gollanmalaryndan peýdalanýarlar. Umumy we amaly sapaklaryň jemleri boýunça okuw kursuna gatnaşyjylar aralyk hem-de jemleýji synaglary tabşyrýarlar.

Bu okuw çäresinde hünär taýdan kämilleşdiriş okuw maksatnamasyna iňlis dili dersi hem girizildi. Munuň özi, hünär taýdan kämilleşdiriş okuw kursuny geçýän gümrük işgärleri üçin öz wezipe borçlaryny has netijeli ýerine ýetirmek, iňlis dilinde doldurylýan gümrük resminamalaryny okap bilmek hem-de gümrük nokatlarynda ýurda gelýän daşary ýurtly myhmanlar we ýolagçylar bilen gümrük resmileşdirmesi bilen bagly sorag-jogap alyşyp bilmek babatda oňat mümkinçilikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň