Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sada suw» HJ miwe, gök önüm we ir-iýmiş şirelerini öndürýär

11:5416.09.2022
0
33151

«Sada suw» hojalyk jemgyýeti tebigy miwelerden we gök önümlerden dikeldilen şireleriň dürli görnüşlerini: «Elle» we «Ilkent, şeýle hem dürli tagamly gazlandyrylan «M5» we «Oba» içgilerini hödürleýär.

Kompaniýanyň hödürleýän önümleriniň arasynda alma, şetdaly, ülje, erik, pomidor, apelsin şireleri, gawun we garpyz, zirk, böwürslen, üzüm, alma we käşir şireleri, ir-iýmişleriň ýa-da tropiki miweleriň garyndysy we beýlekileri bar. Şireleri öndürmek üçin diňe miwe we gök önüm önümçiliginde ynamdar öndürijileriň ýokary hilli tebigy çig mallary peýdalanylýar.

Içgiler 0,25 we 0,5 litr göwrümli aýna we plastik çüýşelere gaplanylýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 2 million dekalitre çenli ýa-da takmynan 47 million çüýşe miwe şiresini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhana şu ýyl açyldy we eýýäm türkmenistanly sarp edijileriň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. «Sada suwuň» öndürýän içgilerine «Halk market» we «Kämil» dükanlar zynjyrlarynda, Aşgabadyň «Şazada», «Şerbet», «Paýtagt», «Ruhubelent» dükanlarynda duş gelmek bolýar, şeýle hem önümleriň «Ynamdar», «Giper», «100haryt» we beýleki onlaýn-meýdançalary arkaly ýerlenilmegini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, «Sada suwuň» öndürýän içgileriniň bir tapgyry Russiýa iberildi, önümi Merkezi Aziýa ýurtlaryna we GDA-nyň beýleki sebitlerine ýerlemek boýunça gepleşikler geçirilýär.

«Sada suwuň» önümleri Türkmenistanyň hil sertifikatlaryna mynasyp boldy we ISO hem-de halallyk sertifikatlaryny almak üçin taýýarlyk görülýär.

«Sada suwuň» önümleri barada has anyk maglumatlar üçin (+993 12) 41 36 33 и (+993 12) 41 37 33 telefon belgilerine, şeýle hem sadasuw84@mail.ru elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň