Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Karl III tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň Birleşen Patyşalyk bilen syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.