Türkmenistanda «KamAZ»-yň ýene bir hyzmat merkezi açylar

10:2312.09.2022
0
29296

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda «KamAZ» kompaniýasynyň hyzmat merkezlerini açmak meýilleşdirilýär. Täze merkezler eýýäm Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde üstünlikli işläp başlady. Indiki açylyş dabarasy Mary şäherinde bolar.

Marydaky dabarany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýynyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň TASS-a beren interwýusynda aýdylyşy ýaly: «KamAZ» Türkmenistana ýük ulaglaryny getirýän kompaniýalaryň öňdebaryjysydyr. Kompaniýa bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, ýurda ýene 2 müň ulag getiriler».

Kompaniýanyň täze hyzmat merkeziniň Türkmenabat şäherinde hem gurulýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň