«Ussat kömekçiniň» zibil daşamak hyzmatyndan peýdalanmak üçin nähili ýüz tutmaly

11:2308.09.2022
0
7105

Aşgabadyň «Ussat kömekçi» hususy kärhanasy bu günki günde zibilleri alyp gitmek hyzmatyny ýeke-täk ýerine ýetirýän kärhana bolup, şertnama esasynda müşderileriň zibillerini gündelik daşap berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, kärhana bu hyzmatynyň ýaşaýjylar üçin örän amatlylygyna göz ýetirilmegi üçin raýatlara zibilleri daşamak hyzmatyndan üç günläp tölegsiz peýdalanyp görmegi teklip edýär.

Eger kärhananyň her günde gapyňyza gelip zyňyndy zibilleriňizi alyp gitmek bilen ýetirýän hyzmaty siziň göwnüňize ýaran ýagdaýynda kärhana bilen resminamalaýyn esasda şertnama baglaşmaly bolýar.

Munuň üçin bolsa şu telefon belgilerine jaň edip ýüz tutmak ýeterlikdir: (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89. Şeýle hem kärhananyň sosial media ulgamyndaky hasabynda müşderi bolmak bilen bagly arza galdyryp bilersiňiz.

Belläp geçsek, has amatly ýeri-de bu hyzmatdan ilkinji gezek peýdalanýan müşderi üçin ikinji aýyň hyzmaty tölegsiz ýerine ýetirilip berilýär. Hyzmatlaryň her aýlyk töleginiň 50 manada deňdigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň