Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balide saglygy dikeldilen delfinler ummana goýberildi

14:2007.09.2022
0
6457
Balide saglygy dikeldilen delfinler ummana goýberildi
Surat: back-in-ussr.com

On ýyla çeken saglygy dikeldiş we uzak garaşylan erkinlik – Balide Jonni, Rokki we Rembo atly delfinler açyk ummana goýberildi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Olaryň durmuşy ýeňil bolmady. Birnäçe ýyllap delfinler sirkde çykyş etdiler, soňra olary myhmanhanada saklap, jahankeşdeleriň göwnüni açmaga mejbur etdiler. Delfinleriň ýaşaýyş şertleri bolsa ýaramazdy, bu olaryň saglygyna uly zeper ýetirdi.

On ýyl mundan öň delfinleri eýelerinden alyp, ýörite saglygy dikeldiş merkezine eltdiler. Häzir olaryň ýagdaýy gowy. Haçanda suwasty derwezeleri açanlarynda, olar tirkeşip, tebigy ýaşaýyş mekanlaryna— ummana tarap ugur aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň